Ajaýyp mukam Aşgabat

2 Aprel 2021
797

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gülläp ösýän, häzirki döwürde sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat beýik ösüşler bilen has-da dabaralanýar. Özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, kaşaň ymaratlary bilen göreni maýyl edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda Aziýanyň merjen şäheri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi geçen sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Aşgabat 1881-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol ýurdumyzyň iň uly senagat, ylmy we medeni merkezi hasaplanýar.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheri ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Her ýylyň 25-nji maýy milli Liderimiziň Karary esasynda Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp taryhy wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldilýär. Gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine buýsanýarys. Aşgabadyň ähli görkezijileri, şol sanda ekologiýa, abadançylyk babatdaky ösüşleri ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Munuň özi paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň we halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ogulgözel ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.