Gözelligiň dürdänesi

2 Aprel 2021
819

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli özgerişinde gözel paýtagtymyzyň häzirki ösüş tapgyry halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, rahat we eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyklary hem sazlaşykly kämilleşdirýär. Gözel paýtagtymyzda bitirilýän beýik işlere ildeşlerimiz ýürekden buýsanýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksatlarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyny aýna ýaly tekiz hem owadan ýagty köçelerdir şaýollaryň, täsin suw çüwdürimleriniň, biri-birinden zyýada, göreňde haýran galdyrýan kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, mysalynda mese-mälim görmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täze gurlan döwrebap binalary gadymy binagärçilik sungatynyň şöhlelenmelerini özünde jemläp, aýratyn bir gözel görnüşi emele getirýär, hemmetaraplaýyn aladanyň bimöçberdigine şaýatlyk edýär.

Maýsa GURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.