Özgerişliklere saldamly goşant

2 Aprel 2021
737

Kärhanamyzyň hünärmenleriniň iş şertlerini edilýän talaplara laýyk getirmek bilen bir hatarda olaryň dynç almaklaryny guramak boýunça hem maksada laýyk işleri alyp barýarys. Olara zawodyň «Jennet» şypahanasyna ýeňillikli ýollamanamalar berilýär. Bu ýerden çykýan ýod-bromly suw ynsan saglygy üçin peýdaly bolup, köp dertlerden saplanmaga kömek edýär. Ondan daşary, şypahanada saglygy dikeltmäge gönükdirilen beýleki hyzmatlar hem ýokary derejede guralýar.

Kärhanamyzyň ýyladyşhanasy bolup, onda dürli görnüşli subtropik ekinler, miweler, pomidor, hyýar, şugundyr, käşir ýaly gök önümler ýetişdirilýär. Olar zawodyň işgärlerine elýeterli bahalardan satylýar. Zyýanly önümçilikde işleýän hünärmenler bolsa aýratyn alada bilen gurşalýar. Olara zyýanyň öňüni alyş iýmiti mugt berilýär. Zawodda hiç bir işgär hem ünsden düşürilmeýär. Hünärmenlerimiziň birinji synpa okuwa barýan çagalaryny mekdep esbaplary bilen üpjün etmek, pensiýa çykýanlary hormat bilen dynç alşa ugratmak indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.