Döwletimiziň kanunçylyk hukuk esaslary kämilleşdirilýär

2 Aprel 2021
944

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, döwletimiziň kanunçylyk hukuk esaslary hem kämilleşdirilýär. Ol bolsa ýurdumyzda bagtyýar durmuş gurşawyny emele getirýär. Halkymyzyň gündelik ýaşaýyş-durmuşy, eýeçilik hukugyna bolan ygtyýarlyklary bilen berk baglanyşykly kanunlaryň arasynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny has-da berkitdi.

Kanunyň 6-njy maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, gozgalmaýan emlägiň şu görnüşleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň düzgünleri bellenilýär: ýer bölekleri; binalar, desgalar, gurluşygy tamamlanmadyk obýektler; ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar; emläk toplumlary hökmündäki kärhanalar; Türkmenistanyň kadalaşdyryş hukuk namalarynda bellenen halatlarda gozgalmaýan emlägiň başga görnüşleri.

Şamuhammet MUHYÝEW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.