Döwür we partiýa guramasy

2 Aprel 2021
867

SYÝASY IŞJEŇLIK: AÝDYŇ WEZIPELER, ANYK MAKSATLAR

Jemgyýetiň okgunly ösüşini üpjün etmek üçin mäkäm bitewüligi we jebisligi gazanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik kada öwürmegi, Gahryman Arkadagymyzyň adalatly we ynsanperwer döwlet syýasatynyň düýp many-mazmunyny, il-halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini, onuň dünýä möçberindäki ornuny we abraýyny giňden hem ynandyryjy wagyz etmegi özüniň baş maksady, esasy ýörelgesi hasap edýän TDP-niň Akdepe etrap komiteti 98 sany ilkinji partiýa guramasyny, 4636 sany agzany özünde jemleýär. Partiýanyň ähli işi ilkinji partiýa guramalarynyň üsti bilen ýola goýlup, olar partiýanyň ýerlerdäki daýanjydyr. Halkymyzyň döredijilik güýjüni bir ugra gönükdirip, Arkadag Prezidentimiziň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak, il-ýurt bähbitli işleriň ählisiniň başlangyjynda, wakalaryň jümmüşinde bolmak partiýa guramalarynyň alyp barýan syýasy-jemgyýetçilik işiniň esasynda durýar.

Kuwat MÄMMEDOW,
TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri.