Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

2 Aprel 2021
2091

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI
Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 – 11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň golaýda Görogly etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, okuwçylar «Dünýä dursun parahat!» diýen temadan düzme ýazmak, üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrýan işleriň, baky berkararlygymyzyň şanly ýubileý toýunyň waspyny ýetirýän maket ýasamak hem-de bagtyýar durmuşymyzy şekillendiriş işinde giňden açyp görkezmek ýaly şertlerde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini, başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, düzme ýazmak boýunça etrapdaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nowça Töräýewa, 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Sabyrowa, 20-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Tylla Jumamyradowa degişlilikde 1, 2, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Surat çekmekde 45-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sähet Babahanow 1-nji, 8-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meňli Saryýewa 2-nji, 5-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Daýanç Nazarow 3-nji orunlary eýelediler. Maket ýasamakda 8-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Isa Weýisowyň, 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Halmyrat Nepesowyň, 13-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwran Hojageldiýewiň işleri, degişlilikde, 1, 2, 3-nji orunlara mynasyp görüldi.