Görki nurana şäher

31 Mart 2021
1011

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlaryndan, döwletli tutumlaryndan ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ýüregi, ak mermerden bina bolan merjen paýtagtymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabadyň çägini köpugurly binagärlik-şähergurluşyk maksatnamalary esasynda bina edilýän desgalaryň gurluşyk işleri gurşap aldy. Olaryň birnäçesi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler.

Paýtagtymyzyň möhüm ähmiýetli ençeme desgalarynyň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem ak şäherimiziň beýik ösüşlerinden habar berýär. Ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylaryň belleýişleri ýaly, ak şäherimiz açyk asmanyň astyndaky täsin muzeýi ýadyňa salýar. Paýtagtymyzyň her bir binasy, şaýollarydyr köçeleri, goýry kölegeli, belent başly gür baglyga bürenip oturan seýranly seýilgähleri, şirin owazly suw çüwdürimleri, nurana gijelerini ýagtylandyrýan yşyklandyryş ulgamy kämilligi, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Aşgabadyň görkana keşbinde häzirki zamanyň ösen şäheriniň döwrebap nusgasynyň milli binagärlik aýratynlyklary bilen kämil derejede sazlaşandygy bolsa halkymyzyň ak şäherimize guwanjyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, milli Liderimiziň amal edýän beýik işlerine buýsanjyny goşalandyrýar.

Atamyrat GUZYÇYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.