Gözelligiň göwher gaşy

31 Mart 2021
818

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu günki gün syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkez hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar. Häzirki wagtda täsin binagärlik keşbini özünde jemleýän täze gurlan, döwrebap ak mermerli binalar her bir adamda uly täsir galdyrýar. Şeýle gözellikleri görmegiň özi hem uly bagtdyr. Milli Liderimiziň yhlasyndan nurlanan ak şäherimiz Aşgabadyň ak mermere we al-elwan güllere beslenen ajaýyp görki görenleri haýran galdyrýar. Aşgabat şäheriniň okgunly ösmeginde hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Aşgabat söýginiň, gözelligiň we dostlugyň şäheridir. Bu gün Aşgabat täze taryhyň, nurana geljegimiziň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmegiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Aýnabat ÇAŞEMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.