Baky bagtyň ak şäheri

31 Mart 2021
1158

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri günsaýyn gözelleşýär, täze keşbe eýe bolýar. Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek barada yzygiderli alada edip, ýörite iş maslahatlaryny geçirýär, paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we onuň her ýylyň 25-nji maýynda umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň ýüregi eziz paýtagtymyz Aşgabady «Gündogaryň merjen şäheri» diýip atlandyrýarlar. Baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalaryň birnäçesiniň, ýagny nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň alty oglunyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumynyň, beýikligi 133 metre deň bolan dünýäde iň uly baýdak sütüniniň, Oguz hanyň ýyldyzy şekillendirilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Aşgabat Halkara howa menziliniň özboluşly binagärligi bilen, paýtagtymyzyň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn buýsandyryjy wakalara öwrüldi.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.