Amatly we bähbitli bank hyzmatlary

12 Mart 2021
1006

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şonuň bilen birlikde, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.

Daýanç ABAŞOW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň plastik kart bölüminiň başlygy.