Türkmenistanyň mejlisiniň karary

15 Fewral 2021
847

Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny ýokary götermekde, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerim bilen ösdürmek we toplumyň halkara energiýa ulgamlaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, pudaga ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini göz öňünde tutup, halkymyzyň öz manyly ömründe ata Watanymyza wepaly hyzmat edip, mynasyp yz galdyran şahsyýetlerimizi hormatlamak we olaryň atlaryny ebedileşdirmek baradaky asylly ýörelgelerine eýerip, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky başlangyjyny goldap hem-de beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen we «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: