Welaýat häkimliginde bolan maslahat

15 Fewral 2021
899

Düýn welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan 2020--nji ýylda, şeýle hem 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda welaýatymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanylan giňişleýin maslahat boldy. Oňa welaýat häkiminiň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, etraplaryň we şäherleriň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnagy welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen — 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanylyp 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de, ol mejlisde hormatly Prezidentimiziň ähli pudaklar boýunça ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýyna adalatly baha berendigi, öňde duran wezipeleri kesgitländigi we degişli tabşyryklary berendigi barada aýtdy.