Taýýarlykly barylýar

12 Fewral 2021
845

Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Golaýda şu syýasy-jemgyýetçilik waka mynasybetli Wekilbazar etrap halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemegiň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Has takygyny aýtsak, etrap halk maslahatynyň bu mejlisinde çykyş eden etrap halk maslahatynyň agzalary dalaşgärlige hödürlenýänleriň zähmet we durmuş ýollary barada gürrüň berdiler.

Şeýlelikde, bu mejlise gatnaşanlaryň açyk ses bermekleri netijesinde şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek hakynda karar edildi. Onda kabul edilen karara laýyklykda, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek saýlawlara Wekilbazar etrap halk maslahaty tarapyndan şu maslahatyň agzalary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň salgyt müdirliginiň Wekilbazar etrap salgyt bölüminiň başlygy Merdan Kömekow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, welaýat statistika müdirliginiň Wekilbazar etrap statistika bölüminiň başlygy Kakajan Nurlyýew dalaşgärlige hödürlenildiler.