Ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasaty

11 Fewral 2021
774

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, şonuň netijesinde dünýäniň beýleki ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine möhüm ähmiýet berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda muňa göz ýetirmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilen bu iş maslahatynda şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

«Mugallymlar gazeti».