Bagtyýar nesilleriň buýsanjy

8 Fewral 2021
973

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmeniň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip, aýratyn nygtaýar.

Şoňa görä, ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty ýaş raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ýaşlar üçin hukuk, durmuş, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek, ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak sypatlaryny ösdürmek, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli gatnaşmaklaryny gazanmak möhüm wezipedir. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem milli Liderimiziň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar.

Mustafa DURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar