Sanly ulgam arkaly okuw maslahaty

8 Fewral 2021
823

Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly, durmuş hyzmatyny edýän döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň durmuş işi boýunça ýolbaşçylary üçin «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Körler we kerler jemgyýetiniň, Maýyplaryň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň ähli welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki wekilleri hem-de «Ýeňme» jemgyýetçilik birleşmesiniň, «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Bäş günläp dowam eden okuw maslahatynyň gün tertibine laýyklykda mowzuklaýyn okuwlar geçildi. Şeýle hem, durmuş hyzmaty ulgamy boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, olaryň berýän netijeleri barada özara pikir alşyldy, täze teklipler orta atyldy.

Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar