Seresaplylygy elden bermäň!

8 Fewral 2021
766

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatdaky alnyp barylýan beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji, ynsanperwer syýasatynyň netijesinde berkarar Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Şunda raýatlarymyzyň abadan we howpsuz ýaşaýşyny üpjün etmek has-da möhüm iş bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şu wajyp wezipelerden ugur alnyp Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlary bilen raýatlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar.

Edara-kärhanalarda ýörite bellenilen ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär adamlar ýangyn ýüze çykanda raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly jogapkärçilik çekýärler. Esasan hem, söwda kärhanalarynda halas ediş ýollarynda päsgelçilik beriji goşlaryň goýulmagy talabalaýyk däldir. Dükanlaryň, ammarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryň ýerzemin gatlarynda partlaýan jisimleri, gazly ballonlary, ýanýan suwuklyklary, nitro esasly laklary, nitroemallary, durmuş himiýasynyň harytlaryny, aerozol gaply harytlary, şeýle-de olardan edilen önümlerdir ýokary ýangyn howply harytlary saklamak gadagan edilýär.

Bakyberdi ANNAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň müdiri, içerki gullugyň kapitany.
Beýleki habarlar