Asudalygyň goragynda

20 Ýanwar 2021
979

Goşandymyz bolmalydyr

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanýan ýyllary boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen maşgalalarymyzyň agzybirligini, abadanlygyny, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini gazanmakda aýgytly ädimiň ädilendigini aňladýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda neşekeşligiň, neşe serişdeleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almakda, ýowuz bela bolan neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde uly üstünlik gazanyldy.