Giň dünýäniň geň habarlary

18 Ýanwar 2021
1437

Geljegiň kämil ulagy

Russiýanyň Woronež şäherinde ýerleşýän «Scienex» kompaniýasy «Flyter» atly aeromobil ulagynyň üstünde iş alyp barýar. Ulagy şu ýylyň maý aýynda synagdan geçirmek göz öňünde tutulýar. Ganatlary we açyk perrikleri bolmadyk uçýan ulag hakyndaky maglumatlaryň internet ulgamlarynda peýda bolmagy häzirki zaman jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, geljegiň kämil ulaglary şeýle görnüşde bolar. Boýy 5 m, ini 2 m deň bolan ulag sagatda 100 km geçmäge ukyply bolup, onuň aňrybaş tizligi sagatda 120 kilometrdir. Ol awtouçarman arkaly dolandyrylar. Ulag iki adama niýetlenendir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gurban GURBANOW.