Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

9 Sentýabr 2024
11

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga; «Daşary ýurt “akylly” şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly halkara baýraklara mynasyp bolmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.