BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi

9 Sentýabr 2024
11

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň nyşanydyr. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hem-de dünýä derejeli sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

(TDH)