Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

9 Sentýabr 2024
18

8-nji sentýabrda Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymzyň Gazagystan Respublikasynyň baştutany bilen duşuşygy tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Astana Arena» stadionyna tarap ugrady. Bu ýerde şu ýyl «Ymgyr sähradaky duşuşyk» şygary bilen geçýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.