Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

9 Sentýabr 2024
42

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata, birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan, däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň esasynda dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

(TDH)