Halk Maslahaty — agzybirligiň berk binýady

8 Sentýabr 2024
141

Şu günler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde we duşuşyklarda bagtyýar raýatlarymyzyň Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kesgitlejek bu uly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary beýan edilýär.

Her bir güni şanly wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir hem jebis türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şöhratly taryhy bolan halkymyz ähli zamanlarda-da il ýurt bähbitli meseleleri dana ýaşulularyň gatnaşmagynda agzybirlikde geňeş edip çözüpdirler, halkyň, döwletiň meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Bu ýörelgäniň ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýandygy buýsanjymyzy artdyrýar.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.