Türkmenistan — Eýran hyzmatdaşlygy iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär

3 Sentýabr 2024
25

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Tähranyň «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde ilki çäkli düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.

«Nebit-gaz».