Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

26 Awgust 2024
77

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

(TDH)