Ylym-bilim — ösüşleriň aýdyň ýoly

25 Awgust 2024
249

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Şunda ylym-bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny bellemelidiris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, hünär öwretmek, olaryň akylly-başly, aňly-düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri barada taýsyz tagallalar edilýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ylym-bilimi ösdürmek barada iň döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Şoňa görä-de, olar hakyndaky alada döwletimiz tarapyndan gurşalyp alyndy. Gahryman Arkadagymyzyň bilim taglymatlary hormatly

Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alnyp, ýaşlara ylym-bilim öwretmek has-da kämilleşdirilýär, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, usulyýet-tejribe baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilim işgärleri üçin möhümdir. Bu resminama bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmaga, mugallymlaryň ussatlygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär.

«Mugallymlar gazeti».