Belent maksatlar rowaçlanýar

25 Awgust 2024
172

Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirende eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyna hem-de bu şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýlelikde, şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul edildi.

Annasapar KIÇIÝEW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölüminiň başlygy.