Asylly ýörelgelere sarpa

25 Awgust 2024
182

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimize, şöhratly taryhymyza, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimize mynasyp sarpa goýulýar. Halkymyzda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlen nakyl bar. Bu günki gün ýaşuly nesle sala salmaga, il bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan her bir raýatyň bähbidini nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirmekde halkyň pikirdir garaýyşlaryna uly orun berilýär. Agzybir halkymyzyň baş ýörelgesi bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygardan ugur alynýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen beýik işleriň, bagtyýar durmuşyň binýady berkden tutuldy. Haçan-da il-halk agzybir bolanda, döwletli işiň başyna barlanda özara geňeşmek, ýaşuly nesle sala salmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýaşulularyň parasatly paýhasy ýurdumyzyň geljekki ösüşini has-da pugtalandyrmakda, halkymyzy jebisleşdirmekde, netijeli işleri durmuşa geçirmekde mizemez binýatdyr.

Gül KURBANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.