Ata Watanymyz — bagtyýar çagalygyň mekany

23 Awgust 2024
105

Halkymyzda täze dünýä inen çagany ýüze sylmak parz hasaplanylýar. Çünki maşgala binýadynyň has-da berkemegi, geljegi çaga baglydyr. Çaga ynsanyň kalbyny, ömrüni, durmuşyny ýagtyldýar. Olaryň üýtgeşik, gyzykly, şadyýan dünýäsi ömrümize ýakymlylyk, nuranalyk çaýýar. Şu jähetden, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri babatda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar» diýip belleýär. Dogrudan-da, bu günki günde ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Şunuň bilen birlikde, Gökderedäki, Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän häzirki zaman çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri çagalaryň şatlykly dynç almaklaryna, sagdyn ösmeklerine gönükdirilendir. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen şeýle merkezler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da bina edildi.

«Nesil».