«Daýhandan hereket — ýerden bereket»

23 Awgust 2024
120

Türkmen topragy — bereketli, kerem-keramatly toprak. Bu topraga yhlas bilen sepen her bir dänäň müň bolup gaýdyp gelýär. Topraga yhlasyny, alyn derini siňdirip, halal zähmetden döwlet tapýan edermen daýhanlarymyzyň üstünlikleri hem bu hakykatyň tassyknamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygy uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek, şeýle-de oba hojalyk önümleriniň eksportuny artdyrmak maksady bilen, uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna dürli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagy ösdürmäge gönükdirilen üns-aladalaryndan göwünleri galkynýan oba hojalykçylar «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýen pähime uýup, yhlasly zähmet çekýärler.

Kuwwatly tehnikalar

«Watan».