Ynama beslenýän ýollar

22 Awgust 2024
118

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.

Ruhubelent ýaşlarymyz bu gün ýurdumyzdaky taryhy özgertmelerde, beýik işlere mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Hut şol maksat bilenem kalby watansöýüjilik duýgusyndan doly ýaşlarymyz altyn zamanamyzyň rowaç menzillerinde amala aşyrylýan işlerde öň hatarda. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň ula-kiçä hormat goýmak, birek-biregiň pikir-duýgusyna mynasyp baha bermek pelsepesine her bir ädimde nazaryň düşýär. Halkymyzyň durmuş tejribesinden kemala gelen bu beýik pelsepe ýyllaryň, asyrlaryň geçmegi bilen halkyň durmuş ýörelgesine öwrülip gidipdir. Geljekde-de pederlerimiziň durmuş tejribesine ýugrulan paýhasynyň, ýaşlaryň ynama ýugrulan joşgunly zähmetiniň utgaşmagy netijesinde ajaýyp döwrümiziň her bir sahypasynyň gujurly ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky buýsançly ýazgylar bilen bezeljekdigine her birimiz ynanýarys. Sebäbi öndürijilikli zähmet çekmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleri biz — ýaşlaryň kalbynda beýik ynamy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndaky: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!» diýen sözleri bolsa bize her bir işde ganat berýär.

Batyr GURBANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.