Parahatçylyk. Abadançylyk. Ösüş: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary

22 Awgust 2024
93

Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden arzyly gymmatlygydyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýerýän, bütin adamzadyň bähbidini nazarlaýan daşary syýasat strategiýasy netijesinde halkymyz erkana, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşýän döwlet hökmünde uly halkara abraýa eýe bolup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy giň halkara ykrarnama we goldawa eýe boldy. Bitarap döwletimiziň BMG-niň esasy edaralarynyň düzümine, esasy maslahat beriji, wekilçilikli guramasy bolan Baş
Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

«Adalat».