Bagtyýarlyga gönükdirilen özgertmeler

22 Awgust 2024
85

 Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn  kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgäniň dabaralanýandygynyň mysalydyr.

Munuň şeýledigine ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmagy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy hem  aýdyň şaýatlyk edýär.

«Adalat».