Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

22 Awgust 2024
92

Ogulnabat GARATAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň guramaçylyk, işi ýerine ýetirişe gözegçilik, hasaplaýyş-seljeriş bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň geňeşçisi:

— Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşaýşy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň guralmagy hem röwşen geljegiň eýeleri bolan mähriban körpelerimiz hakyndaky aladanyň nyşanydyr. Giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesiniň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Bu halkara sergi-ýarmarkasy işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmegi üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-eneler we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.