Gurluşyk toplumynyň ösüş depgini ýokarlanýar

21 Awgust 2024
93

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu topluma ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde her ýyl önümçilik, durmuş, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar hem-de durky täzelenýär. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar.

Bu gün Türkmenistan durmuşa geçirilýän taslamalaryň giň gerimliligi bilen haýran galdyrýan ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şunda Arkadag şäherini mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen bu şäher diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze şäheriň keşbi milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de binagärlik, bezeg babatda häzirki zaman meýilleriniň sazlaşykly utgaşmasydyr. Şeýle hem «akylly» şäheriň durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyryldy. Onda ekologiýa syýasatyna aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Innowasion şäher gurluşygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen bu täsin şäherde häzirki zaman maglumat tehnologiýalary we adaty bolmadyk binagärlik çözgütleri oýlanyşykly peýdalanylypdyr. Munuň özi internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli enjamlaryň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem ýokary depginde alnyp barylýar.

«Esger».