Adam hakyndaky alada — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry

21 Awgust 2024
91

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady döwründe Köpetdagy etekläp oturan «Arçman» şypahanasyna bardy. Bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Milli Liderimiz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýdyp, häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Esger».