Baş maksat — ýaş nesliň bagtyýarlygy

21 Awgust 2024
127

«Nirede çaga gülküsi ýaňlanýan bolsa, şol ýurt abadan hem bagtyýardyr» diýen meşhur aýtgynyň mysaly bolan ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde bagtyýar çagalaryň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýar. Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň ine-gana iýip-içmegi, geýmegi, sagdyn ösüp-ulalmagy, deňli-derejeli bilim almaklary, netijede, gülläp ösýän ýurdumyza mynasyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, ajaýyp şertler sanardan kän. Çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegi üçin dem alýan howasyndan başlap, egnindäki egin-eşiginiň hiline çenli ähli zat möhüm. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzda iň gowy zatlar geljegimiziň eýeleri bolan çagalar–— ýaş nesil üçin niýetlenilendir. Munuň şeýledigini şu hepdäniň başynda, ýagny 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisi hem dolulygyna subut etdi.

Ýurdumyzda giň gerim bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan bu sergi-ýarmarkasynda türkmen telekeçileriniň, şeýle-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar üçin niýetlenilen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary we elektron harytlary köpçülige hödürlendi. Ýaş nesliň eşretli durmuşy bilen bagly aladalar ähli ýurtda birmeňzeş. Şol nukdaýnazardan, bu sergi-ýarmarkanyň çäklerinde degişli ugurda iş alyp barýan kompaniýalara özara tejribe alyşmaga hem uly mümkinçilik döredi.

Ýörite habarçymyz.