Halk maslahaty — döwletlilik ýörelgesi

21 Awgust 2024
126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ösüşlerine barýan aýdyň ýolunda döwlet durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge ýurdumyzda mizemez däp hökmünde dowam edip gelýär. Şonuň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlup, olary dolandyrmakda we gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda baý tejribeler toplanypdyr. Şu jähetden ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. Bu döwletli Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen täze maksatlary öňde goýup, uzak geljegi nazarlaýan döwletli tutumlara badalga berer, il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler kabul ediler. Kabul ediljek şol taryhy çözgütler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygarynyň, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasy bolar.

Özüniň gözbaşyny baryp-ha Oguz han Türkmeniň döwründen alyp gaýdýan bu asylly ýörelgäni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar has-da baýlaşdyrýar. Halkyň agzybirligi jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanylýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bitewi ulgamy döredilip, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralarynyň berk sütüni kemala gelýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.