Beýik başlangyçlaryň badalgasy

21 Awgust 2024
130

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda döredilip berilýän mümkinçilikler sanardan köp. Esasanam, ýaş nesli kemala getirmekde durmuş hakykatyna öwrülýän tagallalar bu gün öz netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, iň kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu mümkinçilikleriň peýdalanylmagy netijesinde bolsa, degişli ulgamda tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olara ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli taslama hem-de bilim bäsleşiklerini mysal getirmek bolar.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görmek bolýar. Onuň şeýledigine ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda döwrebap mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilmeginde, bu desgalaryň häzirki döwrüň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde hem görmek bolýar. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi, bilim almagy, sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň beýanydyr. Esasanam, ylym-bilim ulgamynyň işiniň sanlylaşdyrylmagy, ata Watanymyzyň degişli ulgamdaky gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, bu babatdaky işleriň durmuşa geçmeginde sanly ulgamyň ähmiýeti örän uludyr.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.