Adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

21 Awgust 2024
88

Döwlet Baştutanymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu hakykata tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglyklaryny berkitmekleri, dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň netijesinde has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý edip, sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň döredilen şeýle ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

«Balkan».