Türkmenistan Gyrgyzystana we Özbegistana eksporty artdyrýar

15 Iýul 2024
137

Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 20 million dollara ýetdi we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy. Bu barada «Bigasia» ýazýar.

Gyrgyzystandan Türkmenistana eksport 5,2%, Gyrgyzystana türkmen harytlarynyň importy 38,1% ýokarlandy.