TSMC kompaniýasy «Tesladan» öňe geçdi

15 Iýul 2024
180

«Taiwan Semiconductor Manufacturing Company» (TSMC) bazar maýasynyň möçberi bir trillion amerikan dollaryndan geçýän iri kompaniýalaryň hataryna goşuldy. Bu üstünlik tehnologiýalar pudagynda giňden peýdalanylýan ýarym geçirijileri öndürýän TSMC kompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologik ägirtleriniň birine öwrülendigini aňladýar. Gymmatbahaly kagyzlarynyň bahasynyň ýylyň başyndan bäri 80 göterim ýokarlanmagynyň netijesinde häzirki wagtda TSMC bazar maýasy boýunça «Tesla» kompaniýasyndan hem geçmegi başardy.

Şu ýyl bütin dünýäde ýarym geçiriji tehnologiýalara zerurlyk, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 16 göterim ýokarlandy. Bilermenleriň çaklamalaryna laýyklykda, ýarym geçirijileriň satuwynyň 2025-nji ýylda 12,5 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Şeýle ösüş häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän emeli aň tehnologiýalary üçin çylşyrymly we kuwwatly çiplere islegiň barha artmagy bilen şertlenendir.

Nurbibi ESENOWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.