Ýurdumyzyň buýsandyryjy ösüşleri

9 Iýul 2024
416

Beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetde, gurluşyk senagat pudagynda uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent maksatlar rowaçlanýar, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Biz muňa ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň halkara güwänamalaryna eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda durmuşa geçirilýän işleriň halkyň bähbidine gönükdirilendigini görmek bolýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň yzygider ýokarlanýandygyny, amala aşyrylýan beýik işleriň ösüşleri üpjün edýändigini beýan edýär.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.