Islegli harytlar köp öndürilýär

2 Iýul 2024
358

Türkmenabat şäherindäki «Wepa-Sapa» hususy kärhanasynda plastmassa önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Esasy çig malyny Gyýanlydaky polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýan bu hususy kärhanada her aýda 3 tonna golaý dürli görnüşli plastmassa önümleri öndürilýär. «Wepa-Sapa» şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda hem öý hojalygynda zerur bolan dürli görnüşli plastmassa önümleriniň 18 tonna golaýyny öndürip, ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugratdy. Hususy kärhananyň önümçiligi Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli, kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar.