Durky täzelenen döwrebap beket işe girizildi

27 Maý 2024
498

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagyndaky durky täzelenen döwrebap 142 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde düýpli gurluşyk işlerini geçirip, durky täzelenen we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda doly enjamlaşdyrylan bekedi gysga wagtda ulanyşa tabşyrdylar.

Bekediň umumy tutýan meýdany 1 gektara deň bolup, jemi 10 sany iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdylan hem-de onda 300 m3 möçberde ýagty nebit önümleriniň dürli görnüşlerini saklamak üçin her biri 60 m3 bolan jemi 5 sany çelekler gurnalan. Beket taslama kuwwatlylygy boýunça her gije-gündiziň dowamynda 1 müň 500 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir. Onuň ilata ýokary hilli awtomobil benziniň A-95 görnüşini bökdençsiz hödürlemäge hem-de müşderiler bilen guýlan ýangyç üçin hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde, ýagny elektron bank kartlary arkaly geçirmäge mümkinçiligi bar.

Guwanç NURGELDIÝEW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriň müdirliginiň önümçilik, gurluşyk we maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy.