«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi

27 Maý 2024
509

24-25-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplanan iş tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen bu sergide 160-dan gowrak kompaniýanyň hem-de döwlet edaralarynyň önümleri we hyzmatlary görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Muhammet Hydyrow,
TDBI-niň mugallymy.