BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GOŞULMAGYŇ TERTIP-KADALARY

27 Maý 2024
447

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüş şertlerinde daşary söwdany işjeňleşdirmek we amatlaşdyrmak hem-de maýa goýum şertlerini gowulandyrmak ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) doly hukukly agzasy bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky daşary söwda dolanyşygynyň 93,1 göterimi BSG-ä agza ýurtlar bilen we 6.9 göterimi BSG-ä synçy ýurtlar bilen amala aşyrylmagy hem, häzirki wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda BSG-ä agza bolmagyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Kerim GELDINAZAROW,
«Türkmenetsüýtsöwda» DLBSF-niň işgärler bölüminiň başlygy.