Şengen wizasy gymmatlar

27 Maý 2024
374

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna barmaga ygtyýar berýän Şengen wizasyny resmileşdirmegiň bahalary 2024-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap ýokarlanar. Has takygy, bu wizany resmileşdirmegiň nyrhy ulular üçin 80-90 ýewro, 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin 40-45 ýewro bolar. Degişli karar Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda çap edildi.

Wizany resmileşdirmekdäki alynýan ýygymy köpeltmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ÝB-de hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.

Taýýarlan: Orazjemal ATAÝEWA,
TDBGI-niň mugallymy.