2 aýda Ýerden Marsa eltjek raketa dörediler

27 Maý 2024
298

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Howe Industries» kompaniýasy bary-ýogy 2 aýda Ýerden Marsa baryp biljek impulsly plazma raketasyny döretmek boýunça iş alyp barýar.

NASA-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze tehnologiýa aşa gysylan ýadro ýangyjyna esaslanýar. Onuň kuwwatynyň häzirki zaman raketa hereketlendirijilerinden 10 esse ýokarydygy aýdylýar.

Taýýarlan: Tawus ILAMANOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby